Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eden Azar 32 ýaşynda karýerasyny ýapdy

14:2610.10.2023
0
18831

Belgiýaly ýyldyz futbolçy Edin Hazar 32 ýaşynda karýerasyny tamamlandygyny habar berdi.

«Çelsi», «Real Madrid» ýaly klublarda oýnan ýyldyz oýunçy bu barada: – Wagtynda dur diýmäni başarmaly. 700-den gowrak duşuşykdan soň 16 ýyllyk professional karýeramy tamamlaýaryn. Karýeram boýunça köp ýerlerde duşuşyk geçirdim. Şol döwürde ussat tälimçiler, türgenler, topardaşlar, futbolçylar bilen tanyş boldum. Olaryň hemmesine köp sagbolsun aýdýaryn. Olary hemişe küýsärin – diýdi.

Ol: – Men, çykyş eden klublarym – «Lill», «Çelsi», «Real Madrid» toparlaryna-da öz minnetdarlygymy bildirýärin. Şol sanda meni milli ýygynda çagyran Belgiýanyň futbol federasiýasyna-da köp-köp sagbolsunlarymy ýetirýärin – diýip, çykyş eden klublaryny hem ýatlady.

Edin Hazar: – Ähli pursatda, şowly çykyş eden günlerimde, kyn günleri başdan geçiren pursatlarymda, maňa hemişe goldaw beren maşgalama, dostlaryma, gatnaşýan ýoldaşlaryma öz çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Iň esasysy hem şol döwürde, haýsy ýerde çykyş etsemem, maňa hemişe goldaw beren futbol janköýerlerine minnetdarlygymyň çägi ýok. Indi, öz ýakynlarymyň ýanynda-da bolmagyň wagty gelip ýetdi. Mähriban dostlarym ýakynda meýdançada görşeris – diýip, ol öz sosial media arkaly paýlaşan ýazgysyny tamamlady.

1991-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Belgiýanyň La Luwer diýen ýerinde dünýä inen Edin Hazar çagalyk ýyllaryny «Roýal Stad Bren» hem-de «Týubiz-Bren» klublarynda geçirdi. 2005-nji ýylda «Lill» futbol klubunyň akademiýasyna goşulan Hazar ilki «Lill-2» toparynda oýnady. 2007-nji ýyldan başlabam «Lill» toparynda oýnap ugrady. Ol fransuz klubunda 5 möwsümde 194 oýunda 50 gol geçirdi.

2012-nji ýylda «Çelsi» toparyna transfer bolan Hazar londonlylaryň düzüminde 7 möwsüm çykyş etdi. Ol bu klubda 352 oýunda 110 gol geçirdi.

2019-njy ýylyň tomsunda 100 million ýewro baha «Real Madride» geçen ýyldyz oýunçynyň bu klubdaky ykbaly o diýen jüpüne düşmedi. Ýygy-ýygydan ençeme gezek şikes alan Hazar 4 möwsümde bary-ýogy 76 gezek meýdança çykdy. Olaryň köpüsinde-de ätiýaçdan oýna giren Hazar madridlileriň düzüminde 7 gezek tapawutlandy. Belgiýanyň ýygyndysynda 126 oýunda 33 gol geçirdi. 2018-nji ýylda Dünýä Kubogynda bürünç medal gazandy.

Edin Hazar umumylykda 761 duşuşykda 201 gol geçirdi, 193 goluň pasyny berdi. Fransiýada, Angliýada, Ispaniýada çempionlyklar, Çempionlar Ligasynyň, Ýewropa Ligasynyň çempionlyklaryny, umumylykda 14 kubogy asmana göterdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň