Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Finlýandiýanyň ÝHHG-däki hemişelik wekili Wesa Hakkinen bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmen tarapy energiýa howpsuzlygy, ulag aragatnaşygy we daşky gurşaw howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlarda Gurama bilen hyzmatdaşlygyň çalt depginde ösýändigini belläp geçdi. Şeýle hem ÝHHG-niň institutlary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşýändigi bellendi.
Duşuşykda diplomatlar Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda iki taraplaýyn görnüşde we sebit gurluşlarynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegi üçin möhüm ugurlar bellenildi.
