Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

10:0909.10.2023
0
20167

Aşgabadyň «Gülzemin» söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa paýtagtdan we ýurduň welaýatlaryndan bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan çeper elli gelin-gyzlar gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, ilkinji şertde çeper elli gelin-gyzlar iňňe saýlamak, ýüpek sapaklary işmek, nagyş saýlamak, tahýanyň ýa-da kürtäniň ýerligini biçmek, keşdeleriň ýerini bölmek ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Ikinji şertde olar keşdeleýän işlerini dyzlarynyň üstünde dogry goýup, iňňäniň tutulyşy, ýüpekleriň matanyň ýerligine görä ulanylyşy, saýlap alan keşdeleri hakdaky maglumatlary giňişleýin gürrüň berdiler. Üçünji, jemleýji şertde taýýarlanan el işlerini goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen çeper wasp etdiler.

Netijede, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulmaral Hojagurbanowa, Tejen etrabyndaky 25-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülşirin Muhammedowa, Ahal welaýatynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň halk döredijiligi gurnagynyň ýolbaşçysy Gurbanbibi Nurberdiýewa dagy baş baýraga mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ýeňijiler diýlip yglan edildi diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň