Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kataryň paýtagty Dohada açylan «EKSPO-2023» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşýar.
«Daşky gurşaw üçin ýaşyl tebigat» şygary astynda geçýän serginiň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Halkara serginiň açylyş dabarasyna birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ýokary derejeli wekiliýetleriň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Habarda bellenilişi ýaly, Kataryň Premýer-ministri Muhammet bin Abdulrahman bin Jassim Al Tani öz çykyşynda serginiň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini belledi.