Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabide geçirilýän «ADIPEC 2023» halkara sergisinde tanyşdyrylýar

13:4202.10.2023
0
32732

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy şu gün Abu-Dabi şäheriniň Milli sergi merkezinde öz işine başlan «ADIPEC 2023» halkara nebit-gaz sergisinde tanyşdyrylýar.

«ADIPEC 2023» halkara sergisinde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy öz stendlerini görkezilişe çykardy.

«Orient.tm» neşiriniň habar berşi ýaly, «ADIPEC» forumynyň çäginde türkmen wekiliýeti dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirer.

Bu ugurdaky dünýäniň iň uly forumlarynyň biri şu ýyl «Dekarbonizasiýa. Çalt. Bilelikde» şygary bilen geçirilip, oňa 164 döwletden 160 müňden gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar.

Forumyň dowamynda sergi zallarynyň 16-synda pawilýonlaryň 30-sy ýerleşip, olarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 2200-den gowragy öz hyzmatlary, taslamalary we önümleri bilen tanyşdyrarlar.

BAE-niň döwlet Baştutany Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň howandarlygynda «ADNOC» tarapyndan guralan bu forum 5-nji oktýabra çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň