Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Basgançakdan ýöremek ýürek keselleriniň döremegini 20 göterim azaldýar

13:0630.09.2023
0
37110
Basgançakdan ýöremek ýürek keselleriniň döremegini 20 göterim azaldýar
Surat: gazeta.ru

ABŞ-daky Tuleýn uniwersitetiniň alymlary her gün 50 basgançak boýunça ýokary galmagyň ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny 20 göterim azaldýar diýip çykyş etdiler. Ylmy-barlaglaryň netijeleri «Atherosclerosis» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Alymlar Britan biobankynda saklanýan 450 müň sany uly ýaşlylaryň maglumatlaryndan peýdalandylar. Olary synlamalar 12,5 ýyla çekdi, alymlar keselleriň maşgala taryhynyň we durmuş obrazynyň esasynda synagdan geçirilýänleriň ýürek-damar keselleri bilen bagly maglumatlary öwrendiler.

Alnan netijeler her gün basgançakdan ýöremegiň ýürek-damar kesellerine ýolugmak ähtimallygyny 20 göterim azaldýandygyny subut etdi, adam näçe basgançakdan köp ýörese, bu görkeziji şonça ýokarlanýar.

Basgançakdan ýöremek aýratyn hem ýürek keseline ýolugmak ähtimallygy ýokary bolan adamlar üçin peýdalydyr diýip, alymlar nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň