Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde pyrtykal şiresiniň nyrhy gymmatlady

12:5929.09.2023
0
25149
Dünýäde pyrtykal şiresiniň nyrhy gymmatlady
Surat: tvrus

Pyrtykal şiresiniň biržadaky fýuçersleriniň nyrhlandyrmasy iň ýokary derejä ýetdi. CNBC teleýaýlymynyň habaryna görä, 27-nji sentýabrda pyrtykal şiresiniň konsentratynyň noýabr aýy üçin fýuçersleriniň bahasy ICE Futures U.S. biržasynda 5 göterim gymmatlap, bir kirbeňke (409,5 grama barabar agram ölçegi) üçin 3,69 dollara deň boldy.

Nyrhlar aýda 13 we ýylyň başyndan bäri 78 göterim gymmatlady, muňa ABŞ-nyň iri pyrtykal öndüriji Florida ştatynda ýaramaz howa şertleridir harasatlar sebäpli hasylyň kemelmeginden ätiýaçlanma sebäp boldy. Geçen ýyl ştatda hasyllylyk soňky 80 ýylda iň pes derejä düşüpdi.

Pyrtykal öndüriji beýleki ýurtlar bolan Braziliýa we Meksika hem hasyllylyk babatda çaklamalary peseltdiler, munuň sebäbi yssy howa hem-de sitrus miweleriniň bakteriýa kesellerine uçramagydyr, bu öz gezeginde miweleri iýmek we gaýtadan işlemek üçin ýaramsyz edýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň