Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kapadokiýanyň asmanynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy gutly bolsun!» şygary ýazlan howa şary uçuryldy

11:2628.09.2023
0
24542

Ir ertirden Kapadokiýanyň asmanynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy gutly bolsun!» şygary ýazlan howa şarynyň uçurylmagy bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler başlandy.

Bu ajaýyp başlangyjy ajaýyp milli lybasdaky türkmen atlylarynyň ýörişi dowam etdirdi.

Möhüm seneler mynasybetli geçirilen şeýle çäreler Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Kapadokiýa uniwersiteti bilen bilelikde guraldy.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulýew Kapadokiýa uniwersitetiniň rektory Hasan Ali Karasar bilen duşuşdy. Duşuşygyň maksady Türkmenistandan gelen talyplaryň bu uniwersitetde bilim almaklary üçin döredilen mümkinçilikler barada pikir alyşmakdan ybarat boldy.

Duşuşykdan soň M.Işangulýewiň we Hasan Ali Karasaryň gatnaşmagynda bu ýerde Türkmenistanyň taryhyna we türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy.

Soňra myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna, Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygyna we Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahata gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Geçirilen çäreleriň wideosyny şu ýerden tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň