Milliarder Ilon Maskyň «Tesla» kompaniýasy adam sypatly «Optimus» robotynyň täze başarnyklaryny görkezýän wideony özüniň resmi sahypasynda çap etdi diýip, «Gazeta.ru» habar berýär.
Wideoda «Optimusyň» maşyn görejiniň has gowulandyrylan ulgamy bilen üpjün edilendigi görkezilýär, ulgam enjama zatlary reňki hem-de göwrümi boýunça tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär. «Teslanyň» habaryna görä, android ornaşdyrylan emeli aň özbaşdak, «bulut» hasaplamalarysyz hereket etmäge ukyplydyr.
Gysgajyk wideonyň ahyrynda robot bir aýagynda, ýoganyň duruş usulynda elini döşüniň üstünde goýýar.
«Optimusa ýogada kämilleşmäge kömek etmäge goşulyň» diýip, wideonyň ýazgysynda beýan edilýär.
«Optimus» gumanoidi bilen ilkinji gezek 2021-nji ýylyň tomsunda tanyşdyrylypdy. Uzak geljekde «Tesla» androidleri hususy kömekçilere öwürmegi meýilleşdirýär. Onuň haçan taýýar edilip tanyşdyryljakdygy we nyrhy gizlin saklanýar. Kompaniýanyň olary elektrik awtoulaglarynyň söwdasynda kömekçi hökmünde ulanmak maksadynyň bardygy hem aýdylýar.