Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«NG Kutahyanyň» maslahatçysy: eýwan hem-de howly üçin mebel saýlamakda nämä üns bermeli

10:3026.09.2023
0
28432

Bag meýdançalary ýa-da uly açyk eýwanly jaýlary bolan adamlar arassa howanyň agşamlaryna nähili ýakymly bolýandygyny bilýärler. Adaty ýerde ýa-da beton örtükli polda oturmazlyk üçin, adatça, bu ýerlere açyk howada dynç almaga niýetlenen howludyr eýwan mebelleri ýerleşdirilýär.

Eýwanlar ýa-da howlular üçin mebel saýlamakda hünärmenler bilen geňeşmek örän oýlanyşykly bolar. «NG Kutahya» brendiniň Aşgabatdaky dükanynyň wekili bu hili mebelleri saýlanyňyzda ýalňyşmazlyk üçin birnäçe maslahatlary berdi.

Kiçi göwrümli eýwan üçin gara öwüşginli uly mebeli saýlamaly däldir. Bular ýaly mebeller bag meýdançasy üçin has laýyk bolar.

Eger gyş möwsüminde eýwan ýa-da howly ulanylmaýan bolsa, sowuk howada içerik salyp boljak mebelleri saýlamak möhümdir, ýagny olar gaty agyr bolmasa gowy bolar.

Şeýle mebelleriň örtülen örtügi kirlemeýän hem-de tozana, suwa durnukly bolmalydyr.

Açyk meýdançada goýmaga niýetlenen mebelleri ýasamakda, adatça, tebigy materiallar — agaç, metal, loza, rotang saýlanylýar. Bu babatda plastmassa ulanmak bolmaýar, ol Günüň şöhlesiniň täsirine uzak durup bilmez. Plastmassa bölekleri bolan mebelleri saýlasaňyz, ýokary temperaturadan hem-de Gün şöhlesinden goramaly bolarsyňyz.

Eýwanlar we howly meýdançalary üçin ýasalan mebelleriň ählisi diňe bir owadan däl-de, eýsem durnukly we amatly bolmalydyr.

Eger eýwan mebellerinde diwanlar we oturgyçlar aýrylyp goýulýan görnüşde bolsa, beýleki görnüşlere garanyňda olary arassalamak we ýuwmak has aňsat düşer.

«NG Kutahya» dükanynda müşderilere açyk eýwan, lojiýa ýa-da jaýyň öňündäki meýdança üçin köp sanly mebel haryt görnüşleri garaşýar. Şeýle-de bu ýerde dürli hili nahar stollary we oturgyçlar, bag sallançaklary bar. «Kutahya» dükanyndaky «Sette Gardeniň» bag mebelleri diňe bir tomusky jaý üçin däl, eýsem gyş bagy, açyk ýa-da ýapyk howuz, hatda jaý üçinem ajaýyp saýlawdyr. Dükan islendik satyn alnan harydy Aşgabadyň dürli ýerine eltip bermäge taýýardyr.

«NG Kutahya» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Telefon belgileri: 61 16 11.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň