Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«NG Kutahya» dükanynda santehnikanyň we wanna mebelleriniň köpdürli görnüşleri hödürlenýär

10:3715.09.2023
1
32432

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «NG Kutahya» dükany müşderileri santehnika önümleri we wanna otaglarynda ajaýyp keşbi döretmäge ýardam etjek mebel görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Bu ýerde alyjylaryň dykgatyna belli Ýewropa brendleriniň hem-de kepillikli öndürijileriň dürli göwrümdäki we ölçegdäki wannalary, bide, unitazlar, suw akdyryjy ulgamlary ýetirilýär.

Şeýle hem bu hili maksatlar üçin dükanda hödürlenýän keramiki ýa-da farfor plitalary zerur bolar. Bu materiallar temperaturanyň täsirine çydamly bolup, şol bir wagtyň özünde hammam üçin möhüm bolan özüne çekiji görnüşi döredýär.

«Kutahya» dükanynyň Aşgabat şäheriniň çägine harytlary tölegsiz eltip berýändigini, şeýle-de ýurduň beýleki welaýatlaryna tölegini özbaşdak ylalaşmak arkaly harytlary eltip bermek hyzmatynyň ýerine ýetirilýändigini ýatladýarys.

«Kutahya» dükany müşderilere şu salgyda garaşýar: Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy, Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň