Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara mediaforum geçiriler

12:4025.09.2023
0
33266

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli halkara mediaforum geçiriler. Bu çäräniň maksady Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Forum Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da dabaraly ýagdaýda açylar. Bu barada Türkmenstanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Foruma ýöriteleşdirilen düzümleriň, tele we radio ýaýlymlaryň, Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri we daşary ýurtlaryň 100-e golaý köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekiliýetleri gatnaşar. Forumyň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň