Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepede täze döwrebap obalar açylyp ulanmaga berildi

12:5823.09.2023
0
58194

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, 22-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze, döwrebap obalaryň ikisiniň — Nurly zaman we Köpetdagyň ýalkymy obalarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Döwrebap obalar welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 21-nji sentýabryndaky kararyna laýyklykda, Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesi berildi. Mundan beýläk bu obalar, degişlilikde, «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Köpetdagyň ýalkymy obasy» we «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň Nurly zaman obasy» diýlip atlandyrylar.

Täze obalarda şäherlerdäkiden tapawutlanmaýan zerur durmuş düzümi döredilipdir. Oba ýerlerinde şäher amatlyklaryna ýakyn durmuş şertlerini üpjün etmek täze gurulýan obalaryň gurluşygyna bildirilýän esasy talaplaryň biridir. Bu täze obalarda-da häzirki zaman amatlyklary üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, söwda merkezleri bina edildi. Olaryň gurluşygynda oba ýerleriniň we türkmen halkynyň durmuş ýörelgeleri hasaba alnyp, ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredildi.

Nurly zaman obasynyň açylyş dabarasy türkmeniň gelin toýy we onuň däpleri bilen dowam etdi.

Köpetdagyň ýalkymy obasynda hem baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde maşgalada täze bäbegiň dünýä inmegi mynasybetli geçirilen toýda nesilden-nesle geçip gelýän milli däp-dessurlar öz beýanyny tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň