Golliwudyň aktrisasy Enn Heteueý özüniň ýaş görünmeginiň syryny açdy, 40 ýaşly kino ýyldyzy özüni 20 ýaşyndaky ýaly duýýandygyny gürrüň berdi.
«Men özümi 20 ýaşymdakydan hem gowy duýýaryn, sebäbi özüm barada yzygiderli aladalanýaryn» diýip, Heteueý nygtady.
Ol on ýyl bäri sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändigini, öz deriňe yzygiderli serenjam bermegiň kino aktrisasy üçin iň oňat maýa goýumdygyny sözüniň üstüne goşdy.
Bu barada «People» neşiri ýazýar.