Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Malaýziýaly 7 ýyllap «iPhone» eltelefonyna pul süýşürdi

11:1622.09.2023
0
25773

Malaýziýaly Muhammad Hafiz Abdul ýedi ýyllap täze «iPhone 14» smartfonyny satyn almak üçin şaýylyk pul süýşürdi, olary 19 litrlik çüýşe gaba ýygnap geldi diýip, «Mothership» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Onuň özüniň gürrüň bermegine görä, 2016-njy ýyldan bäri şeýle usulda pul tygşytlap başlapdyr. Ol munuň üçin suw guýulýan 19 litrlik süýşäni ulanypdyr.

Şaýylyklaryň köp bolmagy üçin Muhammad kagyz pullary böldüripdir. Ýedi ýylda çüýşäniň gyrma dolanyny görensoň, ol puluny sanap görmek kararyna gelipdir.

Bütin maşgalasy bilen 3 sagatlap şaýylyklary sanan Muhammad çüýşede 1100 dollar möçberde pul toplanandygyny anyklapdyr. Ol bu pula täze «iPhone 14» smartfonyny satyn alnypdyr.

Şeýle usul bilen ýene pul süýşürmek maksadynyň bardygyny soranlarynda, malaýziýaly: «Ýok, beýle usulda pul süýşürmek gaty ýadadýar» diýip, jogap beripdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň