Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aýdymçy-şahyr Nikolaý Dobronrawow aradan çykdy

10:3818.09.2023
0
26752

Aýdymçy-şahyr, SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi Nikolaý Dobronrawow 95 ýaşynda aradan çykdy diýip, «Interfax.ru» habar berdi.

Nikolaý Dobronrawow 1928-nji ýylda Leningradda doguldy, iki filmde keşp döretdi, soňra aktýorlygy goýup, aýdym ýazmaga başlady.

Onuň aýaly tanymal kompozitor, pianinoçy, SSSR-iň halk artisti Aleksandra Pahmutowadyr. Nikolaý Dobronrawow aýaly bilen bilelikde «Esasy zat, ýigitler, ýürek garramasyn», «Hoş gal, Moskwa» (Olimpiada-80-niň hoşlaşyk aýdymy), «Biz nähili ýaş bolupdyk», «Gorkak hokkeý oýnamaýar» atly onlarça meşhur aýdymlaryny döretdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň