Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny 2024-nji ýylda Türkmenistana çagyrdy

21:0915.09.2023
0
27239
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny 2024-nji ýylda Türkmenistana çagyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistana bardy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany» bilen sylaglanyldy. Sylagy gowşurmak dabarasy «Kasri Millat» köşgünde geçirildi.

Gahryman Arkadag bu ýerde eden çykyşynda pursatdan peýdalanyp, ähli ýygnananlary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara çagyrdy we bu dabaralaryň ýokary halkara derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň