Top.Mail.Ru

HEA: 2030-njy ýylda nebite, gaza we kömre isleg iň ýokary derejä ýeter

16:1013.09.2023
0
22649

Gazylyp alynýan ýangyjyň esasy üç görnüşi – nebite, tebigy gaza we kömre isleg 2030-njy ýyla çenli iň ýokary derejä ýeter diýlip, Halkara Energetika agentliginiň täze synynda aýdylýar. Bu barada «Interfax.ru» habar berdi.

Bu agzalan döwürden soňra islegiň kemelmeginiň sebäpleri hökmünde gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň çalt ýaýramagy we elektrik awtoulaglaryň sanynyň artmagy görkezilýär.

«Biz gazylyp alynýan ýangyjyň eýýamynyň tamamlanýandygyny görýäris, şonuň üçin täze eýýama taýýarlanmalydyrys» diýip, agentligiň başlygy Fatih Birol aýtdy.

Ýagdaý bilen baglylykda, gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri boýunça giň möçberli taslamalar diňe bir howa töwekgelçilikleri babatda däl, eýsem, maýa goýum babatda-da ätiýaçlanma döredýär diýip, Birol nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň