«WKontakte» sosial ulgamyndan peýdalanyjylar aktýor Jeýson Stetheme degişli edilýän galp paýhasly sözleriň degişmeli fleşmobyny (flash «birbada, garaşylmadyk» + mob «köpçülik, mähelle», internet meýdançalarda köp adamyň gatnaşmagynda guralýan çäre) guradylar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Fleşmoba aktýoryň öz şahsy sahypasynda britan harby serkerdesi bilen bilelikdäki fotosuratyny ýerleşdirip, «Bilýänler bilýändirler...» diýip ýazgy goýmagy sebäp boldy. Hut şu ýazgy hem ulanyjylara häli-şindi aktýora degişli edilýän ýalan filosofiki sitatalary ýatlatdy.
Fleşmobuň çäklerinde «Stethemiň dana pikirleriniň» arasynda şeýle ýazgylar hem ýerleşdirildi:
- «Eger Mongoliýada mongol bolsa, Çehiýada çehol»; «Durmuş tukat, ýöne aýlyk gülkünç»; «Eger sen hemmelerden ýokary uçan bolsaň, onda sen ýokary uçansyň»; «Haçanda meni doguranlarynda, şonda-da men doguldym»; «Pulsuz oturmakdan ýadadyňmy? Onda tur».
«Stethemiň dana pikirleri» atly galp-filosofiki sitatalar internetde 2014-nji ýyldan bäri bar, emma olary Stethem hiç wagt hem aýtmandyr.
Şeýle «paýhasly» sözler adyna berilýän meşhur şahsyýetleriň arasynda Omar Haýýam hem bar.