Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Hindistanda «Uly ýigrimiligiň» ýygnagy başlanýar

13:2309.09.2023
0
42281

«Uly ýigrimiligiň» (G20) ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iki günlük sammiti şu gün – 9-njy sentýabrda Nýu-Delide öz işine başlar. Oňa şeýle hem dokuz döwletiň (Bangladeş, Müsür, Ispaniýa, Mawrikiýa, Nigeriýa, Niderlandlar, BAE, Oman we Singapur) Liderleri çagyryldy. Esasy çäreler şäheriň merkezindäki «Pragati maýdan» sergi toplumynyň çäginde geçer diýip, TASS habar berýär.

Sammit üçin täze pawilion guruldy, onuň girelgesinde induizmiň üç baş taňrylarynyň biri Şiwanyň heýkeli oturdyldy.

Sammitiň mowzugyny guramaçy-ýurt hökmünde Hindistan kesgitledi, ol «Bir Zemin, bir maşgala, bir geljek» diýlip atlandyryldy. Bu çagyryş gadymy hindi dini-filosofiki ýazgylar bolan «Upanişad» eserinden alyndy. Guramaçylar mowzuk «ýaşaýşyň ähli görnüşleriniň — adamlaryň, haýwanlaryň, ösümlikleriň ýaşaýşynyň içki gymmatlygyny we olaryň Ýerdäki hem-de dünýä Älemindäki özara baglanyşygyny» beýan edýär diýip nygtaýarlar.

Sammitiň çäklerinde «Bir Zemin», «Bir maşgala» we «Bir geljek» diýen atlar bilen esasy üç duşuşyk geçer.

BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş şeýle diýýär:

Eger biz, hakykatdanam, bir maşgala bolsak, onda bu gün agzybir maşgala meňzemeýäris. Agzalalyk artýar, dartgynlylyk ýitileşýär, ynam elden gidip barýar. Bularyň ählisi öz nobatynda baş-başdaklygy, gapma-garşylygy emele getirýär.

Sammitde Liderler azyk howpsuzlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar we howanyň üýtgemegi baradaky mowzuga ünsi çekerler.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi «G20»-ligiň sammitiniň çäklerinde dünýä Liderleriniň 15-si bilen ikiçäk duşuşyklary geçirmekçi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň