Kinorežissýor Klim Şipenkonyň «Çagyryş» filmi rus kinoprokatynyň ilkinji onlugyna girdi diýip, Russiýanyň «Kino gaznasyna» salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Russiýadaky prokatyň ilkinji onlugyna «Çagyryşdan» başga ýene 5 ýerli film — «Çeburaşka», «Hyzmatkär», «Ýokarlygyna hereket», «T-34», «Soňky batyr: tümlügiň çapary» filmleri girdi.
Sanawda daşary ýurt filmlerinden «Möý-adam: öýe ýol ýok», «Patyşa şir», «Ar alyjylar: Jemleýji», «Karib deňziniň garakçylary 5» bar.
«Çagyryş» filminiň ilkinji görkezilişi 20-nji aprelde boldy, ol iki hepdede bir milliard rubl kassa ýygymyny toplady. Awgustyň başynda filmiň girdejisi 2 milliard rubldan geçdi.
«Çagyryş» Halkara kosmos stansiýasynda surata düşürilen ilkinji çeper filmdir. Baş keşbi ýerine ýetirýän aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko älemde 12 gün boldular.