«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri daýhanlara ýardam bererler

09:1429.08.2023
0
19486

«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýakyndan ýardam berýärler. Kärhana boýunça ýük göterijiligi ýokary bolan 200 töweregi kuwwatly awtoulaglar öňde duran pagta ýygym möwsümine taýýarlanyldy. Häzirki wagtda şol awtoulaglara erk etjek sürüjiler we pagta ýygymyna gatnaşjak beýleki hünärmenler bilen ýangyn hem-de tehniki howpsuzlyk okuw sapaklary geçirilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Önümçilik birleşigi boýunça 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda meýilnama boýunça 1 million 283 müň tonna ýük daşalmaly bolsa, iş ýüzünde 1 million 385 müň tonna ýük daşalyp, tabşyryk 108 göterim berjaý edildi. Ýükleriň dolanyşygy boýunça meýilnama 26 million 844 müň tonna kilometre bellenilen bolsa, bu tabşyryk 29 million 441 müň tonna kilometre ýetirilip, bu baradaky meýilnama 109,7 göterim ýerine ýetirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde önümçilik birleşigi boýunça 12 million 563 müň ýolagçy gatnatmak meýilleşdirilen bolsa, bu görkeziji 12 million 814 müň ýolagça ýetirilip, meýilnama 102 göterim berjaý edildi.

Önümçilik birleşigi boýunça ýerine ýetirilen işlerden we gaýry hyzmatlary etmekden meýilnama boýunça 30 million 270 müň manat girdeji almak göz öňünde tutulyp, bu babatda iş ýüzünde 32 million 802 müň manat girdeji gazanylyp, şu ýylyň ýedi aýynyň meýilnamasy 108,4 göterim ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň