Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Boris Ýelsiniň Diwanynyň başlygy Filatow aradan çykdy

13:2227.08.2023
0
35912
Boris Ýelsiniň Diwanynyň başlygy Filatow aradan çykdy
Surat: ria.ru

Russiýanyň birinji Prezidenti Boris Ýelsiniň Diwanynyň başlygy Sergeý Filatow 87 ýaşynda aradan çykdy diýip, ýazyjy German Sadulaýewiň sözlerine salgylanýan «Eadaily.com» elektron neşiri habar berdi.

«Ýelsiniň Diwanynyň başlygy Sergeý Aleksandrowiç Filatow aradan çykdy. Ol ýaş ýazyjylaryň «Lipa» forumynyň guramaçysy bolmak bilen, biziň üçin ajaýyp ruhlandyryjydy. Häzirki zaman edebiýaty hut şu guramanyň içinden ösüp ýetişdi. Ol bizi – ýaş ýazyjylary diýseň hormatlaýardy» diýip, Sadulaýew gynanjyny paýlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň