Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: «Ahal» «Aşgabady» uly hasap bilen ýeňdi

09:5524.08.2023
0
16862

Änewiň «Ahal» futbol topary düýn Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda «Aşgabatdan» uly hasap bilen üstün çykdy. Paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk «Ahalyň» 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ikinji aýlawyň iň netijeli futbolçylarynyň biri Elman Tagaýewiň iki gezek tapawutlanan duşuşygynda beýleki gollary Gurban Annaýew bilen Ýazgylyç Gurbanow geçirdi.

Bu ýeňişden soň utugyny 13-e çykaran «Ahal» ýaryş tertibinde ýene bir basgançak beýgelip, altynjy orna göterildi. Ol şu duşuşykdaky garşydaşy «Aşgabat» bilen aralygyny 3 utuga çenli ýygyrdy.

“Aşgabat” – “Ahal” – 0:4

Gollar: 7 Gurban Annaýew, 33 (11 m.j.u.), 90 Elman Tagaýew, 81 Ýazgylyç Gurbanow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň