Günorta Afrika Respublikasynyň paýtagty Ýohannesburgda geçýän halkara BRIKS guramasynyň agza ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy bileleşigiň taryhynda wajyp döwür bolar we ýurtlaryň arasynda raýdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berer diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin aýtdy. Bu barada «MIR 24» ýazýar.
Szinpin düýn Ýohannesburg şäherinde geçýän BRIKS guramasynyň XV sammitine gatnaşmak üçin geldi.
Hytaýyň Lideri guramanyň ählumumy ykdysady ösüşe ýardam berýändigini nygtady.
Öň Hindistanyň Hökümet başlygy Narendra Modi sammitiň Ählumumy Günortanyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boljakdygyna umyt bildirdi.
BRIKS guramasynyň dowam edýän duşuşygyna Hytaýyň, Hindistanyň, Braziliýanyň we GAR-yň döwlet Baştutanlary gatnaşýarlar. Russiýa ýurduň daşary işler ministri Sergeý Lawrow wekilçilik edýär. RF-niň Prezidenti Wladimir Putin sammitiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşar.