Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň döwlet Baştutanlary BRIKS guramasynyň şu gün Günorta Afrika Respublikasynda badalga alan sammitine gatnaşýar. Bu barada ýurduň DIM-niň resmi wekili Nelson Kgwete habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.
GAR-yň Prezidenti Siril Ramafosa 22-24-nji awgustda geçjek sammit bilen bagly halkyna ýüzlenmesinde Günorta Afrika Respublikasynyň bileleşigiň täze agza-ýurtlaryň hasabyna giňelmegini goldaýandygyny nygtady. Öň BRIKS-e goşulmak üçin 20-den gowrak ýurt ýüz tutupdy.
Prezident Siril Ramafosa köp ýurtlaryň gurama agza bolmak meýliniň olaryň halkara gatnaşyklaryň has adalatly, özara bähbitli we sazlaşykly ulgamyna gatnaşmak isleýändiklerini görkezýändigini nygtady. Ol guramanyň dünýä ykdysadyýetini we syýasatyny özgerdýändigini bellemek bilen, BRIKS-e agza bolmagyň öz ýurdunyň milli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.