Türkiýäniň Kapadokiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyna baryp gördüler. Uniwersitetiň wekilleri uniwersitetiň işi barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mekan Işangulyýew bilen söhbetdeş boldular. Bu barada «FIB Haber» ýazýar.
Saparyň dowamynda uniwersitetiň wise-rektory Wasile Şenol uniwersitetiň akademiki işleridir ýöredýän syýasaty barada jikme-jik maglumat berdi. Uniwersitetiň fakultetleri, umumy ýaşaýyş jaýlary, olaryň aýratynlyklary hem-de magistratura we doktorantura derejelerinde bilim berlişi barada giňişleýin durlup geçildi. Türkmen diplomatlary uniwersitetde alnyp barylýan ylmy işler, munuň üçin döredilen mümkinçilikler, talyp hakly okuwlaryň hödürlenişi bilen tanyş boldular.
Kappakodiýa uniwersitetiniň ýaşlara ýokary bilim bermekde daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy bellendi. Açyk maglumat çeşmelerine görä, Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde 15 müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar.