Soňky habarlar

Arhiw

«NG Kutahya» dükanynda çyglylyga garşylygy ýokary wanna mebellerini saýlap bolýar

09:4522.08.2023
0
24853

Wanna otagy — ýokary çyglylykly ýer. Eger wanna otagynda ýeterlik derejede howa çalşygy ýok bolsa, çyglylyk sebäpli zatlaryň ýüzünde yz emele gelip biler, diwar örtükleri ýumrular, mebelleriň agaç bölekleri çişer.

Türkmenistandaky «Kutahya» sanitar-tehniki dükany («Kutahya Seramik» brendiniň resmi paýlaýjysy) çyglylyga çydamly wanna mebelleriniň giň görnüşini hödürleýär. Dükanda diwar şkafjyklarynyň, stellažlaryň aýnaly we aýnasyz görnüşleri, rakowinanyň aşagynda durýan tumbalaryň dürli nusgalary bar. Harytlaryň giň assortimenti islendik reňkdäki we ululykdaky mebel toplumyny saýlamaga mümkinçilik berýär.

«NG Kutahya» dükanyndaky wanna mebelleri temperatura durnukly we suwdan goraýan häsiýetlere eýe bolan ýokary hilli materiallardan ýasalýar, şonuň üçin bu önümler ýokary çyglylyk şertlerinde-de uzak ýyllap ulandyrar.

«Kutahya Seramik» dükanynyň salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň