Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri Özbegistanda duşuşyk geçirdiler

16:5120.08.2023
0
21953
«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri Özbegistanda duşuşyk geçirdiler
Surat: uzeltech.uz

«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri Daşkentdäki «Technopark» kärhanasyna baryp, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Konserniň wekilleri önümçilik prosesi, «Technopark» LLC-iň uzak möhletleýin meýilnamalary we işleri bilen tanyşdylar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary önümleriň hili, laboratoriýa synaglary, önümçilik liniýalarynyň ýerleşýän ýerleri barada jikme-jik maglumat berdiler.

Duşuşykda Türkmenistana «akylly» gaz hasaplaýjylary bilen üpjün etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş sapary wagtynda türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Elektrik Senagat Kärhanalary Assosiasiýasynyň we «HududGazTa'minot» nebit-gaz kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirer. Bu barada «uzeltech» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň