Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: 13-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

10:3517.08.2023
0
20947

«Köpetdag» ― «Ahal» ― 1:3.

Gollar: Şamämmet Hydyrow ― Elman Tagaýew (11 mj.u.), 13, Daýanç Meredow, 20, Begenç Mämiýew, 88.

― Daýanç Meredow Ýokary liganyň şu möwsümindäki ilkinji goluny geçirdi.

― «Ahal» möwsümde myhmançylykda ikinji ýeňşini gazandy.

― «Köpetdag» möwsümde öz meýdanynda üçünji gezek ýeňildi.

― «Ahal» Ýokary ligada gazanan ýeňişleriniň dany boýunça bäşinji orna göterildi. Indi toparyň çempionatda 280 ýeňşi bar. Ozal bäşinji orunda 279 ýeňişli «Altyn asyr» bardy.

«Aşgabat» ― «Energetik» ― 1:0.

Gol: Söhbet Allanurow.

― «Aşgabat» möwsümde öz meýdanynda ikinji ýeňşini gazandy.

― «Energetik» möwsümde myhmançylykda üçünji gezek ýeňildi.

«Şagadam» ― «Arkadag» ― 0:1.

Gol: Didar Durdyýew, 90+5 (11 m.j.u.).

― «Arkadag» topary möwsümde myhmançylykda bäşinji ýeňşini gazandy.

― «Şagadam» möwsümde öz meýdanynda dördünji gezek ýeňildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň