Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Kutahya Seramik» dükany keramogranidiň döwrebap interýerdäki ähmiýetini bilmäge ýardam eder

10:1815.08.2023
0
30802

Türkmenistanlylara häzirki zaman interýerinde keramika granit önüminiň nähili aýratynlygynyň bardygyna aýdyň düşünmekde «Kutahya Seramik» kompaniýasynyň resmi wekiliniň dükany ýardam berer. Bu dükanda keramogranit önümleriniň dürli görnüşleri islendik ölçeglerde alyjylara ýetirilýär.

Keramika granit önümleri, ilkinji nobatda, ygtybarlylygy we berkligi, ýokary dereje durnuklylygy we uzak möhlete hyzmat edýändigi, şeýle-de, daşky görnüşiniň göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar. Keramogranitiň bu artykmaçlyklary dizaýnerleriň, gurluşyk pudagynyň hünärmenleriniň we öýleriniň interýerini täzelemegi ýüregine düwen adamlaryň ünsüni hasam özüne çekýär.

«Kutahya Seramik» kompaniýasynyň keramogranit plitkalary italýan tehnologiýalaryna laýyklykda öndürilýär, olaryň hili Ýewropanyň abraýly baýraklary bilen tassyklanandyr. Bu ýasama material köplenç pol örtükleri üçin saýlanyp alynýar, sebäbi olar hemişe görnüşini we daşky durkuny saklaýar, şonuň ýaly-da, olaryň hyzmat ediş möhleti beýleki pol materiallaryndan has uzakdyr. Mundan başga-da, ol sowuga, çyglylyga çydamly we agyr ýükleri hem göterip bilýär.

Keramogranit önümleriniň ekologiýa taýdan arassa örtük bolmagy onuň esasy tapawutly taraplarynyň biridir. Muny bolsa onuň düzümine palçyk, kwars gumy, kaolin we şpat ýaly garyndylaryň goşulýandygyndan hem görmek bolýar. Keramogranit önümleri aýratyn idegi talap etmeýär hem-de ýönekeý çygly zat bilen süpürilende-de ony arassalamak aňsatdyr.

Keramogranitiň berkligi we çyglylyga durnukly bolmagy aşhana otagynyň şertlerinde has möhümdir. Keramogranidi öndürmekde ulanylýan ekologiki material olary iýmit önümleriniň golaýynda ulanmak üçin ygtybarlylygy üpjün edýär.

Bu material dürli dizaýn we gurnama işleri üçin ulanyş aňsatlygy, şeýle hem çyglylygy siňdirip biljek deşikleriniň ýoklugy bilen özüne çekýär. Ýerde taýdyrmazlygy üçin hammam otaglaryna düz we taýmaýan örtükli keramogranit plitalary saýlanyp alynýar. Bu önümiň taýmaýan görnüşini hem ýörite önümçilik tehnologiýasy ýerine ýetirýär.

Estetiki özüne çekijilik, kuwwatlylyk, uzak möhletleýinlik we islendik dizaýny saýlamaga mümkinçilik berýän dürli reňk we faktura çözgütleri, keramogranit üçin myhman we ýatylýan otaglaryň interýerine ýol açdy.

Mysal üçin, diwar bezeginde keramogranidiň uly bolmadyk elementleri ulanylyp bilner. Bu özboluşly we innowasion dizaýn çözgüdidir. Ol panel bezegi, diwaryň bezeg bölegi ýaly element hökmünde hem ulanylyp bilner. Muny bolsa Türkmenistandaky agaçdan, mermerden, granitden we tebigy daşyň beýleki görnüşlerinden nusga alyp, pol we diwar keramogranit plitalarynyň dürli nusgalarynyň hödürlenýän «Kutahya» söwda dükanynda aýdyňlygy bilen bolýar.

Müşderiler şeýle-de dizaýnerleriň we tejribeli ussalaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler, olar her dürli gurnama we abatlaýyş işlerini, bu ugurdaky hyzmatlaryň ähli görnüşini ýerine ýetirmäge ýardam ederler.

«Kutahya» brendiniň dükanynda keramogranitden başga-da, pol we diwar plitalarynyň, santehniki enjamlaryň dürli nusgalarynyň hödürlenilýändigini ýatladýarys. Bu ýerde başga-da «Sette garden», «Moreroom», «Accord», «Qsec», «Aston Louis», «Tesay», «Newarc», «Bocchi», «Hafele», «Vitra» ýaly beýleki kompaniýalaryň önümleri hem ýetirilýär.

«Kutahya» dükany Aşgabadyň çägine tölegsiz eltip berme hyzmatyny ýerine ýetirýär we bu hyzmat ýurduň welaýatlaryna hem özbaşdak kesgitlemek esasynda tölegli amala aşyrylyp bilner.

Edil häzirki wagtda bolsa dükanda ähli haryt görnüşlerine 25% arzanladyş çäresi dowam edýär.

«Kutahya» brendiniň dükany Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Senagat zolagynyň çäginde, «NG Kutahya» binasynda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž: Aşgabatdaky "Kutahya Seramik" brendiniň dükany – ýokary hilli plitalaryň we keramika granitlariň dürli görnüşlerini hödürleýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň