Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bukingem köşgi adaty bolmadyk wezipe üçin hünärmen gözleýär

17:5114.08.2023
0
27224
Bukingem köşgi adaty bolmadyk wezipe üçin hünärmen gözleýär
Surat: gazeta.ru

Bukingem köşgi durnukly ösüş ulgamynda hasabat işleri boýunça menejer wezipesine işgär gözleýär, onuň aýlygy ýylda 64 müň dollara deň bolar diýip, «New York Post» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Täze işgär daşky gurşawa taşlanýan zyýanly galyndylar barada ähli maglumatlary toplap, olaryň takyklygyny ýokarlandyrmak babatda iş alyp barar.

Işgäriň wezipe borçlary baradaky habarnamada Bukingemiň ekologiýa meselesine aýratyn üns berýändigi nygtalýar.

Patyşa Karl III daşky gurşawyň goragy bilen köpden bäri meşgullanyp gelýär. Tebigata ünsi sebäpli ony «howa patyşasy» diýip atlandyrýarlar.

Ýeri gelende bellesek, «Men baglardyr ösümlikler bilen söhbet edýärin. Muny möhüm hasaplaýaryn» diýip, Karl III 2010-njy ýylda aýdypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň