Top.Mail.Ru

Türkmen halkynyň Milli Lideri Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy mynasybetli gutlag iberdi

11:4814.08.2023
0
24359

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen köpugurly gatnaşyklar özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar» diýip, Gahryman Arkadag belledi hem-de bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky doganlyk we özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydygyny beýan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Arif Alwä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň