Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sumgaýyt himiýa senagat parkynyň önümleri Türkmenistana ugradyldy

13:4014.08.2023
0
20497
Sumgaýyt himiýa senagat parkynyň önümleri Türkmenistana ugradyldy
Surat: trend.az

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň garamagyndaky Ykdysady zolaklary ösdürmek agentliginiň ygtyýaryndaky Sumgaýyt himiýa senagat parky öz önümlerini dünýäniň 60 ýurduna, şol sanda Türkmenistana ugratdy. Bu barada «Report.az» habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Sumgaýyt himiýa senagat parky 8,7 milliard manatlyk (azerbaýjan manady —Red.) önüm satdy.

Çeşmäniň Ykdysady zolaklary ösdürmek agentliginiň maglumatyna salgylanyp bellemegine görä, önümleriň 3,1 milliard azerbaýjan manady möçberindäki bir bölegi Türkmenistan, Türkiýe, Gruziýa, Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Hytaý, Ýaponiýa, Taýwan, Ukraina, Bolgariýa, Italiýa, Awstriýa, Rumyniýa, Polşa, Makedoniýa, Niderlandlar, Daniýa, Finlýandiýa, Litwa, Estoniýa, Müsür, BAE, Liwan, Yrak, Braziliýa, Kanada we ABŞ ýaly ýurtlara eksport edildi.

Şu ýylyň birinji ýarymynda himiýa senagat parkynda 1,3 milliard manatlyk önüm öndürilip, onuň bir bölegi (446 million manat) eksporta gönükdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň