Ýylyň başyndan bäri Russiýa barýan jahankeşdeleriň sany babatda Türkmenistan ilkinji bäşlige girdi. Ol Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň Assosiasiýasy tarapyndan düzülen sanawda dördünji orny eýeledi diýip, ORIENT habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda jemi 14,1 müň türkmen raýaty Russiýa Federasiýasyna bardy.
Sanawda ilkinji üçlüge Hytaý, Türkiýe we Germaniýa girdi. 2023-nji ýylyň başyndan bäri Russiýa Federasiýasyna baran syýahatçylaryň sany boýunça Türkmenistanyň hatda Russiýa bilen serhetleşýän goňşy Gazagystandan hem öňe geçendigi bellenilýär.
Hasabat döwründe dünýäniň dürli künjeklerinden 7,2 milliondan gowrak syýahatçy Russiýanyň şäherlerine baryp gördi. Diňe syýahatçylygy däl, dürli maksatly gelenleriň sany babatda welin öňdeligi Özbegistan eýeleýär. Bu ýurduň 1,7 million raýaty hasabat döwründe Russiýa bardy.

