Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hazar deňzinde hereket etjek kruiz laýneri ulanyşa goýberilmäge taýýarlanylýar

12:1611.08.2023
0
28972
Hazar deňzinde hereket etjek kruiz laýneri ulanyşa goýberilmäge taýýarlanylýar
Surat: expertsouth.ru

Astrahanyň «Lotos» gämi gurluşyk zawodynda häzirki Russiýanyň taryhyndaky ilkinji «Петр Великий» kruiz laýnerini — garyşyk nawigasiýa (derýa-deňiz) gämisini gurmak boýunça uly taslama tamamlandy. Bu barada «Expertsouth» ýazýar.

Deňiz gämisiniň hereket ugry Hazar deňzi boýunça Russiýa, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan we Eýrandan geçer.

Berilýän habara görä, gämi şu güýzde müşderä gowşurylar. Häzirki wagtda gämi işe girizildi we synaglar tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

«Петр Великий» kruiz laýnerini gurmak taslamasy 2016-njy ýylda başlandy.

Häzirki wagtda Russiýada ilkinji konteýner gämileri Günorta gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş merkeziniň «Lotos» önümçilik meýdançasynda gurulýar. Bu gämiler «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň içinde harytlary daşamak üçin zerur bolup durýar. Şeýle hem sebit esasan hem logistika taýdan aýratyn orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň