Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: 11-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

10:5810.08.2023
0
33601

― Tapgyrda derwezelere 8 pökgi geçirildi.

― Duşuşyklaryň üçüsinde-de myhmanlar ýeňiş gazandy.

“Köpetdag” – “Energetik” – 1:2

Gollar: 64 Toýmämmet Sähetmämmedow – 44, 62 Reşit Çerkezow.

― Utulyş «Köpetdagy» üçünji orundan hem mahrum etdi.

― Toýmämmet Sähetmämmedow Ýokary liganyň şu möwsümindäki, Reşit Çerkezow bolsa tutuş Ýokary ligadaky ilkinji gollaryny geçirdiler.

― «Köpetdagyň» oýunçylaryna möwsümde ilkinji gezek gyzyl kart görkezildi.

“Şagadam” – “Nebitçi” – 0:2

Gollar: 19 Daýanç Orazgulyýew, 24 Myratdurdy Baýramow.

― Bu ýeňişden soň utugyny 19-a çykaran «Nebitçi» ýene-de üçünji orna göterildi.

― Myratdurdy Baýramow Ýokary liganyň şu möwsümindäki ilkinji goluny geçirdi.

― Daýanç Orazgulyýew möwsümdäki gollarynyň sanyny 4-e çykaryp, möwsümiň iň netijeli futboblçylarynyň ilkinji bäşligine girdi.

“Altyn Asyr” – “Ahal” – 1:2

Gollar: 11 Wahyt Orazsähedow – 20 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew, 88 Ata Geldiýew.

― Elman Tagaýew bilen Ata Geldiýew möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

― «Ahal» şu möwsümde ilkinji gezek myhmançylykda ýeňiş gazanyp gördi.

― «Altyn asyryň» wekillerine möwsümde ilkinji gezek gyzyl kart görkezildi. Toparda möwsümiň ilkinji gyzyl kartyny baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýew aldy.

― Wahyt Orazsähedow Ýokary ligada «Altyn asyryň» düzüminde 20-nji goluny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň