Sişenbe güni Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda «Altyn asyr» we «Ahal» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bolup geçdi. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyryndan orun alan oýun 2:1 hasabynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirligine degişli «Ahalyň» peýdasyna tamamlandy.
Oýundaky hasap birinji ýarymda açyldy. Has takygy, 11-nji minutda «aragatnaşykçylaryň» hüjümçisi Wahyt Orazsähedow tapawutlandy. Aradan dokuz minut geçenden soňra, «Ahalyň» ýarymgoragçysy Elman Tagaýew hasaby deňledi.
Türkmenistanyň häzirki çempionyna ýeňiş getiren goly bolsa, 88-nji minutda goragçy Ata Geldiýew derwezä ýollady.
Oýnuň ahyrky minutlarynda emin tarapyndan ikinji sary duýduryş görkezilen «Altyn asyryň» tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew öz meýdançasyny wagtyndan öň terk etmäge mejbur boldy.
Şeýlelikde, utuklarynyň sany 20-ligine galan «Altyn asyr» turnir tablisasynda ikinji orny eýeläp dur. Utuklarynyň sanyny 6-a ýetiren «Ahal» bolsa dokuzynjy ýerde barýar. Ýaryş jedweliniň başyny 24 utuk bilen «Arkadag» topary çekýär.
«Altyn asyr» – «Ahal» – 1:2
Gollar: Wahyt Orazsähedow, 11 – Elman Tagaýew, 20 (pen), Ata Geldiýew, 88.