Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy 2023/24: «Merw» ― «Alaý» duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy

14:3409.08.2023
0
38660

Türkmenistanyň «Merw» we Gyrgyz Respublikasynyň «Alaý» futbol toparlarynyň arasynda AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň saýlama duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy.

Toparlar 15-nji awgust güni Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda duşuşarlar. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

Bu duşuşygyň ýeňijisi ýaryşyň pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň «Hujand» topary bilen duşuşar. Şol duşuşyk 22-nji awgustda Hujand şäherindäki «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda geçiriler. AFK-nyň saýlama duşuşygyndaky göreşiň bir duşuşykdan geçirilýändigini ýatladýarys.

Eger «Merw» iki duşuşykdan hem üstünlikli geçip bilse, ýaryşyň Merkezi sebitinde Täjigistanyň «Rawşany», Türkmenistanyň «Altyn asyry» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Atasy» bilen bir toparçada ýaryşar.

Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna 20-nji sentýabrda badalga berler. Ondan soňky tapgyra bolsa diňe toparçanyň ýeňijisi geçip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň