Soňky habarlar

Arhiw

BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi

12:5505.08.2023
0
47010

Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Guramanyň habarnamasynda ýylyň başyndan bäri mergi keseliniň 25 ýurtda hasaba alnandygy bellenip, «Keseliň barha köp hasaba alynýandygyny we onuň geografiki taýdan ýaýraýandygyny, sanjymlaryňdyr beýleki derman serişdeleriniň ýetmeýändigini göz öňünde tutmak bilen, BSGG keseliň ählumumy derejede ýaýramak ähtimallygyny örän ýokary diýip hasap edýär» diýilýär.

Kesel häzirki wagtda esasan hem, Afrikada köp ýaýrandyr. Ýylyň başyndan bäri mergi yklymyň ýurtlarynyň 14-sinde, şol sanda Kongo Demokratik Respublikasynda, Kamerunda, GAR-da, Malawide, Mozambikde, Somalide we Efiopiýada hasaba alyndy.

Mergi aýratyn howply ýokanç kesel bolmak bilen, ol merhi wibrionlary arkaly döreýär. Kesel adama zäherlenen iýmit we suw arkaly geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň