Aşgabadyň «Köpetdag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji aýlawynyň bosagasynda düzümini käbir täze oýunçylar bilen güýçlendirdi.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, topar «Aşgabatdan» Baýjan Satlykow bilen Sähetmämmet Toýmämmedowy, «Ahaldan» Batyr Täçnazarowy, Öwezmyrat Öwezmyradowy hem-de Orazgeldi Seýidowy düzümine goşdy.
Şeýle hem «Köpetdag» Ýazgylyç Gurbanowy, Ýakup Maksadowy hem-de Döwletýar Berdiýewi «Ahala» berdi.

