«Arçman» şypahanasynda dynç alýanlar üçin has-da oňaýly şertleri döretmek maksady bilen Aşgabat — Arçman — Aşgabat gündelik awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi.
Aşgabatdan Arçmana gidýän awtobuslaryň ugraýan wagty:
- Wokzaldan sagat 07:30-de;
- Teke bazaryndan 10:00-da, 13:30-da we 18:00-da.
Awtobuslar Arçmandan 05:30-da, 10:00-da, 13:00-da we 16:30-da Aşgabat şäherine ugraýar.
Awtobus petekleriniň bahasy, öňküsi ýaly 15 manat. Awtobuslar amatly we sowadyjy ulgamy bilen üpjün edilen.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 64 62 55 25.
Ozal Aşgabat — Sarahs — Aşgabat we Aşgabat — Arçman — Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawlarynyň ýola goýulandygy barada habar beripdik.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň adybir şäherçesinde ýerleşýän şypahana bir asyrdan gowrak wagt bäri adamlara hyzmat edip gelýär. Ozal habar berşimiz ýaly, «Arçman» şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.