Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň ilaty her gün 2 müň adama golaý köpelýär

13:0729.07.2023
0
51870

Özbegistanyň ilatynyň günlük artyşy 2 müň adama golaýdyr diýip, Respublikanyň Statistika edarasyna salgylanýan «Kazinform» ýazýar.

Statistika edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky ýagdaýa görä, ýurduň ilaty 36 372 276 adama deň boldy we ýylyň başyndan bäri 347,3 müň adam ösüş görkezdi.

«Özbegistanyň ilaty 2023-nji ýylyň her aýynda ortaça 57,9 müň adam artýar. Her gün bolsa ortaça 1,9 müň köpelýär» diýlip, habarda bellenýär.

Häzirki wagtda Respublikada 18 306,3 erkek we 18 066,0 müň zenan ýaşaýar. Şunda şäher ilaty 18 557,5 müň, oba ilaty 17 815,8 müň adama deňdir.

Statistika edarasy Özbegistanyň ilatynyň 2030-nji ýylda 41 million adamdan geçjekdigini çaklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň