Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Guterriş: dünýäde ählumumy gaýnama eýýamy başlandy

13:0229.07.2023
0
49880
Guterriş: dünýäde ählumumy gaýnama eýýamy başlandy
Surat: report.az

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýäde ählumumy maýlama döwri tamamlanyp, onuň ornuna ählumymy gaýnama geldi diýdi. Bu barada «The Guardian» neşirine salgylanýan «Report.az» ýazýar.

Baş sekretar alymlaryň 2023-nji ýylyň iýunyny howanyň ýagdaýyny synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy aý diýip, ykrar edendigini ýatlap: «Howanyň üýtgemegi diýleni eýýäm geldi. Bu diňe başlangyjy. Emma ählumumy howanyň derejesiniň ýokarlanmagyny Selsiý boýunça 1,5 gradusa çenli çäklendirmäge we iň ýaramaz ýagdaýyň öňüni almaga mümkinçiligimiz bar» diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň