Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Lans» Özbegistanyň milli ýygyndysynyň ýaş goragçysy bilen şertnama baglaşdy

17:2127.07.2023
0
28793

Liga 1-iň geçen möwsüminde ikinji orny eýeläp, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanan «Lans» futbol topary Özbegistanyň milli ýygyndysynyň 19 ýaşly goragçysy Abdukodir Husanow bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubyň resmi saýty habar berdi.

Husanow futbol ýoluna «Bunýodkoryň» akademiýasynda başlady. Ol 2021-nji ýylda Belarusyň «Energetik-BGU»-sy bilen şertnama baglaşyp, iki möwsümde 37 duşuşyga çykdy. Ol şol duşuşykda dört gol geçirip, şonça goluň assistini berdi.

Hussanow şu ýyl Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hatarynda Aziýanyň çempiony bolup, dünýäniň U-20 çempionatyna gatnaşdy. CAFA 2023-de bolsa milli ýygyndy bilen üç duşuşyk geçirdi.

Husanow «Lansyň» taryhyndaky ilkinji özbegistanly futbolçydyr. Klub oňa «25-lik» belgini berip, 2027-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy. Klubyň metbugat gullugy Husanowy «seýrek gabat gelýän aziýaly zehin» hökmünde häsiýetlendirýär.

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä kubogy ― 2026-nyň ikinji saýlama tapgyrynda Türkmenistan bilen bir toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň