Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dürli sebäplere görä ene-atadan jyda düşen çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň mynasyp bilim almagyna, durmuşda öz ornuny tapmagyna ýa-da hossarlary bar bolsa-da, saglygyny bejertmekde goldawa mätäçleriň aýaga galmagyna gönükdirilen sogap işleri amala aşyrýar.
Gaznanyň hasabyna operasiýa geçirilen çagajyklar häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde netijeli dynç almaga we dikeldiş bejergilerini dowam etmäge taýýarlyk görýärler. Munuň özi ýurtda çagalar barada edilýän bimöçber aladanyň aýdyň nyşanydyr diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylda döredilendi. Bu günki gün onuň hasabyna geçirilen ýüzden gowrak operasiýalar, barlaglar, hassahanalara sowgat edilen lukmançylyk enjamlary çagajyklaryň deň-duşlarynyň hataryna goşulyp, oýnap-gülmegine mümkinçilik döretdi.