Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» Türkiýede haýsy toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirjekdigi belli boldy

16:5921.07.2023
0
59118

AFK-nyň Çempionlar ligasyna taýýarlygyň çäklerinde «Ahal» futbol toparynyň Türkiýe Respublikasyna okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gidendigini habar beripdik.

Toparyň metbugat gullugynyň ýazyşy ýaly, «Ahal» Kartepede halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň dördüsini geçirer. Bu duşuşyklarda Saud Arabystanynyň «Al-Adalh», «Al-Feýsali», Kataryň «Umm-Salal» we Kuweýtiň «Al-Arabi» toparlary Türkmenistanyň çempionynyň garşydaşlary bolarlar.

20-nji iýulda başlanan okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji awgusta çenli dowam eder. Şol gün Änew şäherine wekilçilik edýän toparyň Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň çäginde Marynyň «Energetik» topary bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň