Soňky habarlar

Arhiw

«Tut Drinks» kärhanasy täze önüm – witaminleşdirilen «Red Tut» içgisini çykardy

10:1521.07.2023
0
39885

Türkmen sarp edijileriniň arasynda «Tut» haryt nyşanly sowuk içgileri bilen tanalýan, alkogolsyz gazlandyrylan içgileriň önümçiligine ýöriteleşen «Tut Drinks» kompaniýasy özüniň täze önümini – zirk tagamly gazlandyrylan witanminleşdirilen «Red Tut» içgisini hödürleýär.

«Red Tut» içgisi 0,4 litr göwrümli PET çüýşelerde öndürilýär. Onuň düzümi arassalanan agyz suwundan, şekerden, limon kislotasyndan we «Zirk» tebigy tagam berijiden (aromatizatordan) ybaratdyr. Içginiň önümçiliginde hiç hili emeli tagam berijiler ýa-da GMO ulanylmaýar.

«Tut Drinks» kärhanasynyň içgileri ýurduň azyk bazaryndaky ornuny ynamly berkidip, Türkmenistanda meşhurlygyny artdyrýar. Kärhana «Tut» haryt nyşany bilen «Gurt», «Tut Cola», «Tut Orange», «Tut Zirk-Limon», «Belle», «Aloe Vera», «Aloe Vera Mango» ýaly içgileri, şeýle hem «Tut» atly arassalanan agyz suwuny we «Kewser» atly gazly we gazsyz içgileri öndürýär.

Kärhanada iň döwrebap önümçilik enjamlary ornaşdyrylandyr, şeýle hem täze görnüşleri taýýarlamak we önümiň hiline gözegçilik etmek üçin hususy barlaghanasy (laboratoriýasy) bar. Kompaniýanyň Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda öz paýlaýyş ulgamy we ofisleri bar.

«Tut Drinks» kärhanasynyň «Tut» haryt nyşany içgilerini ýurtdaky ähli dükanlarda we supermarketlerde satyn almak mümkindir. Şeýle hem haryt nyşanynyň täze önümi bolan «Red Tut» içgisi bilen kompaniýanyň sosial ulgamdaky sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 62) 62 44 44. Elektron poçta salgysy: info@tutdrinks.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň