Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda «akylly» şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň forumyny geçirmegi teklip etdi

22:4120.07.2023
0
28154
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda «akylly» şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň forumyny geçirmegi teklip etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe tekliplerini beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer ugurda hem örän köp işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

— Bu babatda aýdylanda, 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili bölüminiň, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwrenmek boýunça Bilim merkeziniň açylandygyny görkezmek bolar. Her ýyl Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda koreý ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin ýaşlaryň arasynda açyk bäsleşik geçirýär — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ornuna ýokary baha berýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlaryň intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini has ýokary derejede durmuşa geçirmekleri bilen baglanyşykly meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigini beýan etdi.

— Bu babatda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda häzirki zaman «akylly» şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň jemgyýetçilik başlangyçlary forumyny hem geçirmegi teklip edýärin — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň