Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Aşgabadyň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýonyň arasynda ikiçäk we giňeldilen düzümdäki duşuşyklar geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurtda Garaşsyzlygyň 32 ýyllygynyň baýram ediljekdigini aýtdy we myhmany guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-de öňe sürýän başlangyçlaryny goldap gelýändigi we degişli Kararnamalara awtordaş bolup çykyş edendigi üçin dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna öz minnetdarlygyny beýan etdi.
Öz gezeginde, Kim Jin Pýo Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine, ýeten derejesine uly gyzyklanma bilen syn edilýändigini belläp, Koreýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Koreýanyň iri kompaniýalary geljegi uly hasaplanylýan türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrýarlar. Koreýaly işewür düzümleriň dünýäde ygtybarly hyzmatdaş we özüniň hyzmatdaşlyk borçlaryna örän jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.